"Medeniýet Uniwersiteti" galereýasynda inklýuziw "Reňkler ýaňlanýar" atly sergisi öz işine başlady. Bu sergi "Ruhy taýdan berk" halkara ynsanperwer we haýyr-sahawat taslamasynyň nobatdaky tapgyrydyr diýip, BELTA habar berýär.
Bu taslama Zähmet we durmuş taýdan goragy ministrliginiň goldawy bilen Belarus we Russiýa dünýä gaznalary tarapyndan öňe sürüldi. Onuň maksady sungatyň bejeriji güýjüni görkezmek hem-de jemgyýetiň inklýuziwligini wagyz etmekdir. Taslamanyň çäklerinde ýurduň dokuz sany çagalar durmuş pansionatynyň takmynan 1,5 müň okuwçysy meşhur adamlar we suratkeşler bilen bilelikde surat döredýärler.

Taslama jemgyýetiň adam söýüjiligini we empatiýasyny görkezýär, bilelikdäki döredijilik işi bolsa gatnaşyjylaryň özlerini açmagyna we içki dünýäsini görkezmegine ýardam edýär.
Ekspozisiýa 48 işi öz içine alýar, olaryň 39-sy psihofiziki aýratynlygy bolan çagalaryň döreden suratlarydyr. Guramaçylar esasy maksada ýetilendigini nygtaýarlar: kiçi suratkeşler meşhur bolmagy başardylar, olaryň ýaşaýyşa bolan umydy bolsa "reňkli öwüşginlere" eýe boldy.

ORIENT
