Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny kabul edýär

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygy 15-16-njy noýabrda Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçiriler.
Sammitiň işine sebitdäki bäş ýurduň Liderleri: Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşar. Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze hem gatnaşar.
Çäräniň gün tertibine sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly esasy meseleler goşuldy. Liderleriň sebitleýin we halkara syýasatynyň iň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmagyna garaşylýar.
Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça köptaraplaýyn resminamalaryň giň toplumynyň kabul edilmegine garaşylýar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi web sahypasynda habar berildi.
Özbegistanyň häzirki başlyklyk döwründe bu formatda özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan 20-den gowrak iri çäräniň geçirilendigi bellenilýär.
