Merkezi Aziýanyň we “ASEAN”-nyň diplomatlary Brýusselde dialogyň ulgamlaýyn formatyny kesgitlediler

Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Mongoliýanyň we Günorta-Gündogar döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Diplomatlar iki depginli ösýän sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Pälwanow Brýusseldäki diplomatik wekilhanalaryň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň gowy däbe öwrülendigini tassyklady we ony özara düşünişmegi berkitmek we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hökmany ösdürilmekdigini belledi.
Ilçi S.Pälwanow 2022-nji ýylda “Merkezi Aziýa – ASEAN” atly özara gatnaşyklaryň institutsional formatyny döretmek boýunça Türkmenistanyň öňe süren başlangyjyny nygtady.

“Biz özara gatnaşyklarymyzy has durnukly we ulgamlaýyn häsiýete öwürmegiň wagtynyň gelendigine ynanýarys. Brýusselde bolmagymyzyň çäklerinde, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ýurtlarymyzyň özara bähbitlerini öňe sürmäge goşant goşup bileris” – diýip ilçi belledi.
Ilçi Pälwanow sebitleriň arasynda meňzeş çemeleşmeleriň we umumy gymmatlyklaryň şol sanda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek isleginiň bardygyny belledi. Ol Merkezi Aziýanyň we “ASEAN” ýurtlarynyň ýadro ýaragyndan azat sebitler hökmünde ykrar edilýändigini we munuň halkara howpsuzlygyny we durnuklylygyny saklamak üçin möhüm esas bolup hyzmat edýändigini nygtady.

ORIENT
