RHDU-yň Emeli aň barlaghanasynyň hünärmenleri daşary ýurtly talyplara rus dilindäki aýratyn sesleriň we sözleriň aýdylyşyny öwrenmäge kömek edýän täze AI-modelini işläp düzdüler we işe girizdiler. Esasy ýagdaýda wirtual mugallymyň wezipesini ýerine ýetirýän bu ulgam şahsylaşdyrylan peýdaly okuw usulyny teklip edýär we çylşyrymly rus fonetikasyny özleşdirmegi ep-esli tizleşdirýär.
Programmany işläp düzüji, RHDU-yň emeli aň barlaghanasynyň müdiri Rezaian Naim türgenleşik ulgamynyň her bir talybyň gepleýişini seljerýändigini we onuň üçin şahsy okuw ugruny hödürleýändigini aýtdy.
Seljerme we şahsylaşdyrma: AI talyp üçin iň kyn çykýan sesleri, bogunlary we sözleri ýüze çykarýar.
Gije-gündiz türgenleşik: Talyplar mugallymyň gatnaşmazyndan islendik wagtda dogry seslenmäni öwrenip edip bilerler. Ulgam awtomatiki ýagdaýda dogrulylygyny bahalandyrýar we pikirini aýdýar.
Okuw görnüşleri: Programmada doly gepleşik tejribesi üçin ýörite gönükmeleri we döredilen (imitirlenen) dialoglary öz içine alýar.
Ulgamyň ýokary netijeliligi 2024-nji ýylda RHDU-nyň Sanly taýýarlyk fakultetinde geçirilen köpçülikleýin synag döwründe tassyklanyldy.
Bir ýylyň dowamynda synag nusgasyndan 7 müňden gowrak daşary ýurtly talyp peýdalandy. AI-ulgamyň kömegi bilen olar rus fonetikasyny has çalt özleşdirdiler. Bu netijelere esaslanyp, modeli häzirki okuw ýylynda doly ulanyşa girizmek barada karar kabul edildi.
Işläp düzüjileriň bellemegine görä, geljekde bu AI-ulgamy rus dili daşary ýurt dili hökmünde öwrenilýän beýleki rus we daşary ýurt bilim edaralarynda hem ulanylyp bilner.
ORIENT
