Iň täze habarlar

Minskdäki metbugat-syýahaty ÝYB we GDA ýurtlarynyň žurnalistlerini birleşdirdi

05.05.2025 | 14:35 |
 Minskdäki metbugat-syýahaty ÝYB we GDA ýurtlarynyň žurnalistlerini birleşdirdi

Ermenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan ýaly döwletleriniň žurnalistleri Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Maglumat ministrligi tarapyndan gurnalan metbugat syýahatyna gatnaşýarlar. Sowet halkynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre 4-10-njy maý aralygynda geçiriler diýip, Maglumat ministrligine salgylanyp “BELTA” habar berýär.

Ýurt bilen tanyşmak Minskidäki gezelençden başlandy. Gatnaşyjylar Belarusyň Milli kitaphanasyna, “Ilkinji milli söwda öýi” (Першы нацыянальны гандлевы дом) söwdä merkezine, “Minskiniň sagat zawody” AGPJ-ne we paýtagtyň beýleki ýerlerine baryp gördüler. Bir hepdelik syýahatyň baý maksatnamasy şähergurluşyk kärhanalara, taryhy-medeni miras ýadygärliklerine we şöhratly söweş ýerlerine baryp görmekli öz içine alýar.

Milli çeşmelere görä, 1941–1945-nji ýyllaryň dowamynda ilatynyň üçden birini ýitiren Belarusyň dürli künjeklerinde simwoliki ýadygärlik toplumlary döredilip, bu pajygaly we gan döküşikli söweşiň wakalaryna bagyşlanan ýadygärlikler guruldy. Häzirki wagtda ýurtda, şol sanda onuň paýtagty Minskide 9 müňe golaý ýadygärlik we Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gerçekleriň mazarlary bar. Olar harby-taryhy ýollaryň we gezelençleriň bir bölegi, ýöne iň esasysy – wepat bolan gerçeklere hormat goýmak üçin mukaddes ýer bolup, parahatçylygyň gymmatlydygy barada ebedi ýatladýar.

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: