Iň täze habarlar

Lebap Travel Bali we Lombok adalaryna “Indoneziýanyň SPA-rahatlygy” atly ajaýyp SPA-syýahatyna çagyrýar

01.05.2025 | 12:30 |
 Lebap Travel Bali we Lombok adalaryna “Indoneziýanyň SPA-rahatlygy” atly ajaýyp SPA-syýahatyna çagyrýar

Lebap Travel syýahatçylyk operatory 8 günlük “Indoneziýanyň SPA-rahatlygy” atly eksklýuziw syýahatynyň ýola goýlandygy barada habar berýär. Bu syýahat Bali we Lombok manzaraly adalarynda ýatdan çykmajak sazlaşyk we dynç alyş duýgylaryny peşgeş berer. Syýahat ugry adaty bali we lombok SPA-amallaryny, Indoneziýanyň baý medeniýeti bilen tanyşlygy hem-de ekzotik kenarlarda asuda dynç alşy öz içine alýar.

Syýahat Kuala-Lumpuryň halkara howa menziline gelmeginden başlanýar, ol ýerden myhmanlara jadyly Bali adasyna uçuş garaşýar. Ubudada dört ýyldyzly myhmanhanadaky ýerleşiş tropiki rahatlygynyň gurşawyna aralaşmaga mümkinçilik berer. Myhmanhana owadan baglar bilen gurşalan, üns beriji işgärler bolsa her bir myhmana şahsy çemeleşmäni üpjün edýärler. Jeňňelik jülgelerine açylýan manzarada ertirlik naharlary gününň ajaýyp başlangyjy bolar.

Syýahatyň esasy pursatlarynyň biri bolsa edil derýa kenaryndaky jeňňeliklerde ýerleşen ajaýyp Cantika Zest SPA salonyna barylmagy bolar. Bu ýerde syýahatçylar çuň owkalamadan, awtorlyk usulyýetler boýunça skrablardan we arassalaýjy amallardan lezzet alyp, dikeldişden soňra bolsa doly rahatlygy duýup bilerler. Köpsanly ýadygärlik dükanlaryndan doly Ubudyň merkezi köçesinden agaşamky gezelenç bolsa günüň ýakymly soňlanmagy bolar.

Dördülenji gün topar ýokary tizlikli paromda Lombok adasyna ugrar hem-de dört ýyldyzly rahat myhmanhanada ýerleşdiriler. Bu ýerde myhmanlar dynç alyşdan lezzet alyp, täze SPA-duýgylaryny başdan geçirmek üçin taýýarlanyp bilerler.

Bäşilenji gün adaty lombok SPA-dessurlaryna bagyşlanar. Ýerli Sasak Spa ussatlaryndan aýaklar üçin lemongrassly hammamy, Lombok kofesi bilen detoks-pilingi, ot kompresini hem-de mylaýym kokos ýagly we kurkumaly rahatlandyryjy owkalamany öz içine alýan "Kampung Spa" amaly aýratyn ünse mynasydyr.

Altynjy gün Lombogyň tebigy gözellikleri bilen tanyşmagy peşgeş berer. Manzaraly Benang Stokel we Benang Kelambu şarlawuklaryna ekskursiýa şaly meýdanlaryndan we jeňňeliklerden geçer. Benang Stokel şarlawugyň juda arassa suwynda özüňi täzeden duýup bolýar. Gaýdyşyn ugurda Lombok Exotic merkezinde duralga meýilleşdirilen. Ol ýerde ýerli ussalaryň el işleri görkeziler.

Ýedilenji gün erkin wagt we kenar dynç alşy üçin aýrylan. Lebap Travel özüniň rahat ýerli kafeleri (warunglar) hem-de grilde bişirilen täze deňiz önümleri bilen meşhur bolan Nipah kenaryna baryp görmegi maslahat berýär. Günüň ahyrynda Lombogyň jadylaýjy şapaklaryny synlap bolýar.

Sekizilenji gün Indoneziýada sazlaşykly dynç alyşdan täsirlenen syýahatçylara Lombogyň howa menziline transfer hem-de soňraky öýe gaýdyş ýol üçin Kuala-Lumpura uçuş garaşýar.

Habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri: (+99363)17-55-57

Sosial ulgamlar:

Tik-Tok:@le._travel.tm

Instagram: @le.travel.tm

Şeýle hem, Bali adasyna syýahat barada okaň

ORIENT news

Foto: vesta-spa.ru

Şeýle hem okaň: