Iň täze habarlar

Lebap Travel Bali adasyna syýahaty teklip edýär

26.04.2025 | 16:20 |
 Lebap Travel Bali adasyna syýahaty teklip edýär

Lebap Travel syýahatçylyk kompaniýasy 8 günlük we 7 gijelik "Bali - aşyklaryñ jenneti" syýahatçylyk ugruny ýola goýdy. Syýahat iki özboluşly ugry öz içine alýar: Kuala-Lumpur häzirki zaman megapolisi hem-de täsin Bali adasy. Şeýlelik bilen, kompaniýa bal aýy ýa-da aşyklar syýahaty üçin birkemsiz şertleri döredýär.

Syýahatçylyk maksatnamasy Malaýziýanyñ paýtagtyna gelmek bilen başlanýar. Myhmanlary Kuala-Lumpuryñ halkara howa menzilinde garşylaýarlar hem-de abraýly bäş ýyldyz myhmanhanada ýerleşdirýärler. Syýahat rus dilinde gürleýän ýolbelet bilen şäherde agşamky pyýada ekskursiýany, Saloma Bridge köprüsi boýunça gezelenji, sazly suw çüwdürimlere baryp görmegi hem-de gijeki şäher manzaraly kafede rahat dynç alyşy öz içine alýar. 1 Üçülenji gün syýahatçylar Bali adasyna ugrap, Hindi ummanynyñ kenarýakasyndaky ajaýyp myhmanhanada ýerleşdirerler. Adadaky makastanama kenar dynç alşy üçin boş wagtlary bilen SPA-amallary, gyzykly gezelençler bilen utgaşdyrylýar. Myhmanlar maýmynlar tokaýyna, Tegenungan şarlawugyna, kofe plantasiýalaryna, şaly dalanlaryna, şeýle hem suwdaky Pura Dalem Purwa ybadathanasyna we meşhur Banyumala Twin Waterfalls şarlawugyna baryp görerler. 2 Syýahat ýaş çatynjalar üçin laýyk gelýär. Öñünden sargyt edilende, ýörite ýeñillikler elýeterlidir: ýaşalýan otagyñ resmileşdirilmegi, gutlag miweler we güller, myhmanhananyñ restoranlarynda arzanlaşyklar. Syýahatyñ nyrhyna Bali adasynda we Kuala-Lumpurda bäş ýyldyzly myhmanhanada ýaşaýşy, transferler, maksatnama boýunça ýolbeletler bilen gezelençler girýär.

Syýahat Indoneziýanyñ we Malaýziýanyñ milli baýramçylyklar döwründe hereket etmeýändigini, şeýle hem korporatiw toparlar üçin niýetlenmedigini bellemek zerur.

Goşmaça maglumat we syýahaty öñünden sargyt etmek üçin Lebap Travel edara binasyna ýüz tutup bilersiñiz.

Habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi: (+99363)17-55-57

Sosial ulgamlar

Tik-Tik: @le._travel.tm

Instagram: @le.travel.tm

Şeýle-de, Lombok adasyna syýahat barada okañ.

ORIENT news

Foto: agoda.com

Şeýle hem okaň: