Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügine uly isleg bildirildi

26.04.2025 | 09:30 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügine uly isleg bildirildi

25-nji aprelde, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagatyň önümleri ýerlenildi.

Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 139 320 ABŞ dollaryna barabar bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: