Iň täze habarlar

Pekinde "ŞHG maşgalasynyñ dostluk tokaýy" atly bag ekmek çäresi geçirildi

23.04.2025 | 16:30 |
 Pekinde "ŞHG maşgalasynyñ dostluk tokaýy" atly bag ekmek çäresi geçirildi

20-nji aprelde Pekiniñ ýabany tebigat parkynda "ŞHG maşgalasynyñ dostluk tokaýy" atly ekologiýa çäresi geçirildi. Ol ŞHG-niñ Hoşniýetli goñşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk komiteti bilen bilelikde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyñ sekretariaty tarapyndan guraldy.

Hytaýyñ başlyklyk etmeginde 2025-ŞHG-niñ durnukly ösüş ýyly mynasybetli geçirilen çärä diplomatik wekilhanalaryñ wekilleri, Guramanyñ sekretariatynyñ işgärleri we olaryñ maşgalalary goşulyşdy.

Çärä iñ köp gyzyklandyrma bildiren gatnaşyjylary, gürrüñsiz, çagalar boldylar. ŞHG ýurtlarynyñ halklarynyñ arasynda berk dostluk, özära hormat goýmak we raýdaşlyk gatnaşyklarynyñ alamaty hökmünde 100 sany bag ekildi.

ORIENT news

Foto: rus.sectsco.org

Şeýle hem okaň: