"Oskar" baýragynyñ täze düzgünleri kino sungatynda EA-ny ulanmaga rugsat berýär
23.04.2025 | 11:30 |Amerikanyñ kinematografiýa sungatlarynyñ we ylymlarynyñ akademiýasy abraýly "Oskar" baýragyna filmleri saýlap almagyñ düzgünlerine üýtgetmeleri girizdi.
Täze üýtgetmeler kino sungatynda emeli añyñ ulanylmagyny rugsat berýär. Munuñ bilen birlikde habarda generatiw emeli añyñ we beýleki sanly gurallaryñ dalaşgärlik mümkiñçiligini ne ýokarlandyrýandygy, ne-de pese düşürýändigi barada aýdylýar. Adamyñ kinofilmi döretmäge goşan goşandy esasy faktor bolar.
Ýene bir girizilen täzeçilikleriñ biri jemleýji tapgyrda emin agzalarynyñ degişli ugurdaky ähli filmleri görmek şerti bilen ses berip bilmekleridir.
Mundan ozal ähli dalaşgär filmleri görmedik ýagdaýlarynda emin agzalaryndan ses bermekden saklanmagy haýyş edýärdiler. Ses berilýän kagyzlar emin agzalaryñ filmi görendiklerini subut eden ýagdaýynda beriler. Bu bolsa ýörite Academy Screening Room gollanmasy arkaly barlanylar.
ORIENT news