Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow Yssyk-Kölüň etno toplumyna baryp gördüler
23.04.2025 | 16:30 |Şu gün, 23-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Yssyk-Köl sebitiniň Baktuu-Dolonotu obasyndaky ippodromda gyrgyz milli at üstündäki oýunlary görkezildi.
Ippodromyň girelgesinde ýokary derejeli myhmanlary improwizasiýa-akynlar garşy aldy, şondan soň wekiliýet “Kyrgyz aýyly” etno toplumy bilen tanyşdylar, bu ýerde gyrgyz halkynyň adaty durmuş düzgünleriniň esaslary – ak öýler, halk senetleri, milli aşhanalar we lybaslar görkezildi.
Şeýle hem ippodromda at çapyşyklar, “Salbuurun” adaty awçylyk sungatynyň çäginde aw guşlary we taýganlar (gyrgyz tazylary) bilen aw awlamagyň usullary görkezildi.
Medeni maksatnama tamamlanandan soňra, Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy “Yssyk-Kul” halkara howa menziline çenli ugratdy diýip, Gyrgyzystanyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.
ORIENT