Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Hytaýyň Täze ýyly
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 15 geleşik baglaşyldy

21.04.2025|12:38|
566
tdhcmb-da-sowdalasyklar-gecen-hepde-15-gelesik-baglasyldy
Surat çeşmesi: exchange.gov.tm

Geçen hepde Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda 15 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini we nebit ýol bitumyny ("Türkmennebit" DK), şeýle hem "Türkmenhimiýa" Döwlet konserniniñ tehnologik desgalarynda işlenilen hlorly natrini we awtoulag benzinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna gazbeton bloklary, pagta süýümi, nah ýüplügi we matasy, granulirlenen hojalyk sabyny ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Owganystan, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan. Geleşikleriñ umumy bahasy 31 mln 130 müñ ABŞ dollaryndan geçdi.

Içerki bazara ýerli işewürler umumy bahasy 34 mln 570 müñ manada barabar bolan portlandsementi, çig ýüpegi we buýan köküniñ ekstraktyny satyn aldylar.

Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.

ORIENT news