“Türkmentelekom” EAK-nyň hyzmatlaryny birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryň
14.04.2025 | 14:35 |“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň saýtynda Türkmenistanyň islendik ýaşaýjysy, ýaşaýan ýerine garamazdan Internet, öý telefony ýa-da kabel TV ýaly hyzmatlary birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryp biler.
Sargytda şahsy maglumatlar, ýaşalýan salgy we telefon belgi görkezilmeli. Mundan başga-da, Internet-hyzmatlaryny birikdirmek zerurlygy bolan ýagdaýynda, ulanyjyň özi gerekli tizligi (256 Kbit/s-den 6 Mbit/s çenli) saýlap biler.
Hyzmatlardan Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky hem fiziki, hem ýuridiki şahslaryň peýdalanyp bilýändigini bellemeli.
ORIENT news