Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Açyk gapylar gününi geçirer
03.04.2025 | 13:45 |Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2025-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmek isleýän dalaşgärler üçin Açyk gapylar gününi geçirer.
Çäre 15-16-njy aprelde sagat 15:00-da geçiriler. Gelen myhmanlar taýýarlyk ugurlary, ÝOM-yň okuw we ylmy işleri, onuň gazananlary, talyplaryň ýaşaýyş we okuwdan boş wagtlaryndaky şertleri bilen tanşyp bilerler.
Telefon belgileri: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.
ORIENT news