Türkmen ýaşlarynyň wekiliýeti Hindistanda saparda
24.03.2025 | 11:45 |Türkmenistan sebitiň beýleki ýurtlary bilen deň hatarda, Merkezi Aziýanyň Hindistandaky üçünji ýaşlar wekiliýetiniň düzümine girýär.
Sapar Ýaşlar alyş-çalşygynyň halkara maksatnamasynyň (International Youth Exchange Program, IYEP) çäklerinde Hindistanyň Ýaşlar we sport meseleleri boýunça ministrligi tarapyndan gurnalan. Bu başlangyç ýaşlar babatdaky hyzmatdaşlyga, medeni alyş-çalyşa ýardam bermäge we Hindistan bilen Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
22-28-nji mart aralygynda 100 adamdan ybarat wekiliýet dürli çärelere gatnaşyp, Hindistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrener.
Hususan-da, maksatnama Hindistanyň binagärlik we taryhy mirasy bilen tanyşmak üçin Täj-Mahala, Agra galasyna, Humaýunyň guburhanasyna we Goa ştatynyň taryhy ýerlerine baryp görmegi öz içine alýar. Gatnaşyjylar Hindistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary bilen söhbetdeş bolup, Hindistanyň tehnologiýa, ylmy-barlaglar we telekeçilik pudaklarynda gazanan üstünliklerini öwrenmek üçin Goa ştatynyň Söwda-senagat edarasyna baryp görerler.
Şeýle hem, olara ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, liderlik we innowasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin MY Bharat guramasynyň meýletinçileri bilen özara gatnaşyklar garaşýar. Mundan başga-da, Hindistanyň daşary işler ministri, Goa ştatynyň baş ministri we häkimi bilen duşuklary göz öňünde tutulyp, olarda ýaşlar diplomatiýasynyň wajyplygy barada aýdylar.
Bu maksatnama 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen Hindistan-Merkezi Aziýa sammitinde Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi tarapyndan beýan edilen garaýşyny gözbaş alýar. Şol wagt premýer-ministr sebitiň ýaş liderleriniň arasynda özara düşünişmegi gowulandyrmak üçin her ýylky ýaşlar alyş-çalşygy başlangyjynyň döredilmegini teklip etdi.
Sapar geljekki hyzmatdaşlyk üçin itergi bolup, medeniýetleriň arasyndaky özara düşünişmeklige, liderlik häsiýetleriniň ösdürilmegine we möhüm pudaklarda halkara hyzmatdaşlyga ýardam berer.
ORIENT news