Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Pekin Merkezi Aziýa sebitine ilkinji demir ýol ýük daşamalaryň ugruny işe girizdi

20.03.2025|11:00|
590
pekin-merkezi-aziya-sebitine-ilkinji-demir-yol-yuk-dasamalaryn-ugruny-ise-girizdi
Surat çeşmesi: rbc.ru

2025-nji ýylyň 19-njy martynda Pekin Merkezi Aziýa sebitine ilkinji demir ýol ýük daşamalaryň ugruny işe girizdi.

Hytaýyň döwlet demir ýol korporasiýasynyň Pekin boýunça müdirligine salgylanyp, Sinhua agentliginiň habar bermegine görä, ýük otlusy Fanşan şäheriniň golaýyndaky etrapdan Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine ugrady. Otly Pekin-Týanszin-Hebeý sebitinde öndürilen awtoşaýlary, derman serişdeleri we beýleki harytlar bilen ýüklendi.

Otlunyň Daşkende, takmynan, 14 günden soň barjagyna garaşylýar. Ol Sinszýan-Uýgur awtonom etrabyndaky Horgos gözegçilik-geçiş nokadyndan geçer. Täze ugruň girizilmegi diňe bir Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda logistikany gowulandyrman, eýsem ýurtlaryň arasyndaky ykdysady aragatnaşyklary we infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

ORIENT news