Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi.
19.03.2025 | 02:50 |18-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi.
HSB-niň Baş sekretary guramanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň guramaçylyga ýokary baha berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow HSB-niň ýolbaşçysynyň saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisine Dimitri Kerkentzesiniň gatnaşjakdygyna hem-de bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Döwlet Baştutany abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek ýurduň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi we Halkara sergiler býurosynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we bütindünýä ykdysady işini ösdürmekde şeýle hem şeýle hem ykdysady ösüşi we innowasiýalary durmuşa geçirmek üçin halkara sergileriň möhüm ähmiýetini bellediler.
Türkmenistan HSB-niň agzasy bolmak bilen, býuro tarapyndan gurnalýan bütindünýä we ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň işine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi we aprel aýynda başlaýan çärä üstünlikleri arzuw etdi. HSB bu serginiň guramaçysy bolup çykyş etýär.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşi maksat edinýän sergileri geçirmäge, bu ugurda HSB bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, Baş sekretara alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
ORIENT
Ýene-de mowzuk boýunça
Aprel aýynda Osakada Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna garaşylýar
EXPO 2025 geljege, ýaşaýşa we parahatçylyga ähliumumy ymtylyş hökmünde
Türkmenistan Belgradda geçirilen EXPO-2027-ä gatnaşýandygyny tassyklady