Türkmenistanda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edişligi başlandy
18.03.2025 | 13:20 |Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy.
Umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň raýatlary ýüz tutup bilerler.
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerindäki hünärleriň sanawy, ýokary hünär bilim boýunça maksatnamalarynda (bakalawr we magistratura) göz öňünde tutulan ýerleriň sany we okatmagyň düzgünleri baradaky maglumatlar kabul ediş topary tarapyndan berilýär.
Gerekli resminamalaryň sanawy:
Türkmenistanyň raýatlary üçin bellenilen nusgada ýazylan arzalar we anketalar;
-okan ýa-da soňky işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
-3×4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
-Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin bellenilen nusgadaky anketa;
-dogulyş şahadatnamasynyň nusgasy we onuň tassyklanan terjimesi;
-hemişe ýaşaýan ýeri barada kepilnama (nusgasy we tassyklanan terjimesi);
-Türkmenistandan çykmak we Türkmenistana girmek üçin niýetlenen pasportyň ilkinji iki sahypasynyň nusgasy (pasport saýlanan okuw maksatnamasynyň saýlanan senesinden soň azyndan 6 aý hereket ediş möhleti bolmaly);
-adyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminama (eger bar bolsa), (nusgasy we tassyklanan terjimesi);
-bakalawr derejesine girýänler üçin SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) akademik baha beriş şahadatnamalaryň asyl nusgalary ýa-da okuw merkezleri tarapyndan berlen Advanced we ondan ýokary derejeli iňlis dili bilim derejesini tassyklaýan şahadatnama (nusgasy we iňlis dilindäki tassyklanan terjimesi). Akademik baha beriş synaglaryny üstünlikli geçen dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär;
-magistratura derejesine girýänler üçin GMAT (Graduate Management Admission Test), GRE (Graduate Record Exam) akademik baha beriş şahadatnamalaryň asyl nusgalary ýa-da okuw merkezleri tarapyndan berlen Advanced we ondan ýokary derejeli iňlis dili bilim derejesini tassyklaýan şahadatnama (onuň nusgasy we iňlis dilindäki tassyklanan terjimesi). Akademik baha beriş synaglaryny üstünlikli geçen dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär;
-okuw jaýlaryna kabul edilmekde döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşikleriniň ýeňijilerine, halkara olimpiadalarynyň we umumybilim dersleri boýunça bäsleşikleriň gatnaşyjylaryna artykmaçlyk berilýär. Şeýle hem, ýurduň degişli bilim edaralary tarapyndan berlen goşmaça okuw kurslaryny tamamlandygy baradaky şahadatnamalaryň asyl nusgalary (olaryň nusgalary we tassyklanan terjimeleri) tabşyrylmalydyr;
-umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasy (onuň nusgasy we tassyklanan terjimesi). Eger dalaşgär orta mekdebiň soňky synpynda okaýan bolsa, bahalary görkezýän tassyklanan tabeliň nusgasy (ýetişigini görkezýän bahalary bilen bilelikde) tabşyrylmaly;
Eger bilim baradaky şahadatnama daşary ýurt tarapyndan berilen bolsa, onuň Türkmenistanda ykrar edilendigini tassyklaýan resminama goşulmaly;
-diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (synag kagyzynyň nusgasy, bahalar we tassyklanan terjimesi);
-dalaşgäriň öň Rumyniýanyň hökümet tarapyndan talyp hakyny almadygyny tassyklaýan arza;
-rumyn dili boýunça okuwlary tamamlandygyny ýa-da rumyn dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolan ýagdaýynda);
-iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilinde ýazylan terjimehal (CV);
-Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy (Türkmenistandan daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin berilýän saglyk kepilnamasy).
Mundan başga-da, dalaşgärler şu aşakdaky resminamalary hem kabul ediş toparyna tabşyrmalydyrlar:
-Türkmenistanyň raýatynyň pasporty hem-de Türkmenistandan çykmak we girmek üçin pasporty;
-harby gullugy geçenler üçin harby bilet we gulluk etmän galan ýigitler üçin harby hasaba alyş şahadatnamasy (nusgasy we ýaşaýan ýerindäki harby bölümiň kepilnamasy).
Resminamalar iňlis, fransuz ýa-da rumyn dillerine terjime edilmelidir.
Zerur bolan ýagdaýda kabul ediş topary dalaşgärler barada goşmaça maglumat sorap biler.
Resminamalary tabşyran dalaşgärler bilen giriş söhbetdeşligi 2025-nji ýylyň 1-2-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçiriler.
Resminamalary kabul etmek 2025-nji ýylyň 27-nji martyna çenli dowam eder.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 1958-nji köçe (Andalyp), 169;
Telefon belgileri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25;
Elektron poçta: admissioniuhd@gmail.com
ORIENT news