Iň täze habarlar

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniñ arasynda söwda dolanyşygy 2 mlrd dollardan gowrak boldy

14.02.2025 | 15:10 |
 2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniñ arasynda söwda dolanyşygy 2 mlrd dollardan gowrak boldy

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniñ arasynda söwda dolanyşygynyñ umumy möçberi 2 mlrd 166 mln ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok metbugat maslahatynda çykyş etmek bilen, ýurtlaryñ bu görkezijini ep-esli derejede ösdürmek üçin mümkinçiligiñ bardygyna ynam bildirýändikleri barada aýtdy.

"Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyz ähli pudaklar boýunça özara hormat goýmagyñ esasynda ösdürilýär. Belleýşiñiz ýaly, gatnaşyklarymyzdaky bu ösüş täjirçilik we ykdysady hyzmatdaşlygymyzyñ ösdürilmegine hem öz täsirini ýetirýär" - diýip, Ilçi belledi.

Şeýle hem, ol Türkiýäniñ Türkmenistanyñ möhüm söwda hyzmatdaşlarynyñ biri bolmagynda galýandygyny hem-de Türkiýäniñ Türkmenistan bilen söwda mümkinçiliginiñ has ulydygyny belledi.

"Biz geljekde söwdamyzyñ çalt depginde ösdüriljekdigini çaklaýarys hem-de söwdanyñ möçberini 5 mlrd dollara çenli ýetirjekdigimize ynanýaryn" - diýip, Ilçi belledi.

ORIENT news

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: