Iň täze habarlar

AŞTU bilen hemişe aragatnaşykda galyň!

24.01.2025 | 14:55 |
 AŞTU bilen hemişe aragatnaşykda galyň!

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-i öz müşderileriniň aladasyny edip, olara dürli hyzmatlardan peýdalanmakda amatlylygy we rahatlylygy hödürleýär.

AŞTU hünärmenleri hasapda nol balans derejesinde hem müşderileriniň aragatnaşykda galmak mümkinçiligini göz öňünde tutdylar.

Wi-Fi arkaly “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň resmi saýtyna girip, hasaby doldurmak ýa-da AŞTU-nyň beýleki hyzmatlarynyň tölegini amala aşyrmak mümkindir.

Balansyňyzda serişdeleriňiz ýok bolan ýagdaýynda hem, bu size hyzmatlaryň ähli artykmaçlyklaryndan çalt we rahat peýdalanmaga mümkinçilik berer.

“Biziň maksadymyz – siziň wagtyňyzy we güýjüňizi tygşytlamakdyr! Biz siziň üçin çalt ilşeýän, düşnükli we islendik wagtda elýeterli bolan döwrebäp platformany döretdik” – diýip, AŞTU-da belleýärler.

ORIENT news

Foto: astu.tm

Şeýle hem okaň: