Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň gurnamagynda Halkara söwda we maýa goýum maslahaty geçdi
16.01.2025 | 13:40 |2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda, Hytaýyň Pekin şäherindäki «Grand Metropark Hotel Beijing» myhmanhanasynda «Beijing Huahe International Business Consulting Co., Ltd.» kompaniýasy tarapyndan gurnalan «2025-nji täze ýyl we täze mümkinçilikler» mowzukda Halkara söwda we maýa goýum maslahaty geçdi.
Bu halkara çärä Hytaýda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, işewürler assosiasiýalarynyň, institutlaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary, wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem ilçi P.Durdyýew, söwda wekil Ş.Batyrow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we oňa agza kärhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Maslahat başlamazdan öň myhmanhananyň zalynda gurnalan tanyşdyryş sergide myhmanlar söwda, maýa goýum we hyzmatlar boýunça ýerine ýetirilen we meýilleşdirilýän işler barada taýýarlanan maglumatlar we eksponatlar bilen tanyşdy. Işewürleriň arasynda Ýüpek ýoly ykdysady bilelişiginiň duşuşygy hem bolup geçdi.
Maslahatyň barşynda onda çykyş edenler bu platformanyň Hytaýyň we daşary ýurtlaryň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde «Beijing Huahe International Business Consulting Co., Ltd.» konsaltiň kompaniýasynyň, «Silk Road Economic Alliance» bilelşmesiniň we «China-SCO Institute of Economic and Trade» institutynyň tutan orny barada bellediler.
Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew öz çykyşyny 2024-nji ýylda nusgawy şähyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler, şol sanda hytaý diline goşgular toplumynyň çap edilmegi, barada aýtmak bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ol ýyly jemläp “Magtymguly Pyragy – dünýäniň akyldary” atly kitaby çapdan çykandygyny gürrüň berdi. Diplomat bu ýylyň hem Türkmenistanyň şanly Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, “Halkara parahatçylyk we ynanşmak” ady bilen geçirilmek hem-de Türkmenistanyň öňe süren “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly başlyngyjy barada gürüň bermek bilen, bularyň dünýäde parahatçylygy kepillendirmekde we halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde tutýan orny barada aýratyn belläp geçdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň çapdan çykmagy Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda daşary ýurtly okujylar üçin hem möhüm waka öwrülendigini nygtady.
Mundan daşary, ilçi ýurdumyzyň ykdysadyýeti, söwda we maýa goýum mümkinçilikleri, pudak edaralarynyň taslamalary barada gürrüň berdi we hytaý işewürlerine we kompaniýalaryna türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini habar berdi hem-de gatnaşyjylary Türkmenistanyň öz bazarynda daşary ýurt maýadarlara döreden oňyn mümkiçilikden peýdalanmaga çagyrdy.
Ilçi çärä gatnaşanlara Türkmenistanyň Ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky sanawynda görkezilen forumlara we sergilere gatnaşyp türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döredip bolýandygyny hem habar berdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekili Begenç Arazow hem çykyş edip, birleşmäniň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Häzirki wagtda birleşmäniň agzalarynyň Türkmenistanyň pudak edaralarynyň taslamalaryny ýerine ýetirmekde hususy telekeçileriň işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Şeýle hem, birleşmäniň agzalary bolan telekeçiler, hojalyk jemgyýetleri we hususy kärhanalary ýokary hil derejesinde we täzeçil esaslanýan eksporta ukyply önümleri öndürýändigini belledi. Şol bir wagtda, işewürleri, maýadarlary, eksport we import bilen meşgullanýan kompaniýalary hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Gurnaýjylaryň maksatnamasyna laýyklykda, 17-nji ýanwara çenli myhmanlar Hytaýyň Şandun, Hebeý we Henan welaýatlaryna saparda bolup, ýerli kompaniýalaryň mümkinçilileri bilen tanyşarlar.
ORIENT news