Iň täze habarlar

Türkmenistan we Italiýa köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýärler

15.01.2025 | 10:55 |
 Türkmenistan we Italiýa köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýärler

2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler hem-de Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

15012025_МИД_Италия2.jpg

Iň ýokary derejedäki aragatnaşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Taraplar şeýle hem duşuşygyň dowamynda halkara guramalaryň şol sanda “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatynyň çäginde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň meýdançasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bellenildi. Parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary özara goldamagyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça netijeli gatnaşyklaryň dowam ediljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: