Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkezi açyldy
12.12.2024 | 12:55 |Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkeziniñ täze iki gatly modul görnüşli binasy ulanmaga tabşyryldy.
Resmi türkmen metbugat gullugyna görä, açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniñ wekilleri, Halk Maslahatynyñ agzalary we Türkmenistanyñ Mejlisiniñ deputatlary, Daşoguz welaýatynyñ Kärdeşler arkalaşyklar bileleşikleriniñ, Türkmenistanyñ Demokratik partiýasynyñ Daşoguz welaýat komitetiniñ hünärmenleri, il-ýaşulylar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.
Bina öñdebaryjy inženerçilik çözgütleriniñ hem-de halkara ülñelerine laýyklykda "Ismail gurluşyk hyzmatlary" hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Onuñ umumy meýdany 1 ga barabar.
Bu ýerde netijeli iş üçin ähli şertler döredilen. Şeýle hem, aýratyn abatlaýyş sehi, ýük awtoulaglaryñ ýuwulýan ýeri, ätiýaç şaýlaryñ we tehniki ýaglaryñ saklanylýan jaýlary hem-de awtoduralga göz öñünde tutulan.
Binalarda "KAMAZ" tehnikasynyñ ähli görnüşleriniñ anyklaýyş, hyzmat ediş we abatlaýyş işleri üçin niýetlenen rus önümçiliginiñ iñ täze enjamlary ornaşdyrylan.
Türkmen bazarynda "KAMAZ" önümleri giñden hödürlenilen. Okuw-hyzmat merkezleri ýurduñ beýleki welaýatlarynda hem hereket edýär.
ORIENT news