Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
12.12.2024 | 04:55 |11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýedir. Biziň ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygyny belläp, ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, işinde mundan beýläkde üstünlikleri arzuw etdi.