Ýokary we ýörite orta sazçylyk, sungat mekdepleri üçin täze okuw gollanmasy neşir edildi
05.12.2024 | 16:20 |Gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty özüniň çuň many-mazmunlylygy we çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. Nesilden-nesle geçip, özüniň gymmatyny ýitirmän, şu günlere çenli gelip ýeten halk-professional aýdym-saz sungaty häzirki döwürde has-da uly ösüşe eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmeniň Şükür bagşy, Hally bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Oraz Salyr, Mylly aga, Magtymguly Garly, Sapar Bekiýew, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Nurjemal Adyýewa, Çary Täçmämmedow, Ödenyýaz Nobatow, Gurt Ýakubow, Nurberdi Gulow, Mustak Aýmedow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akjagül Myradowa, Ilaman Annaýew kimin ussat bagşy-sazandalary köp. Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Çary Nurymow ýaly zehinli kompozitorlarymyzyň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr. Olaryň aýdýan aýdymdyr dessanlary, çalan we döreden sazlary halkymyza ruhy goldaw berip, ýagty ertirlere ataryp geldi.»
Neşir edilen täze okuw gollanmasy «Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy» (awtory: R.Amangeldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) diýlip atlandyrylýar. Onda türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginiň özboluşlylygy, köptaraplylygy, tapawutly aýratynlyklary, şahsylygy, dürli ugurlary, saz formasy boýunça öwrenilmäge mynasypdygy bellenilýär.
Sazşynaslyk ylmynda forma meselesiniň aýratyn orny eýeleýändigi hem bellärliklidir. Ol birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Sonata formasynyň, dünýä saz medeniýetiniň taryhy ýolundan belli bolşy ýaly, eseriň dramatik ýörelgesiniň özgerişi babatynda, beýleki nusgawy gurluşlardan öňe gidijilikli ösüşi, içki hereketi boýunça has işjeňligi, täsirliligi we dramaturgiýa babatynda bitewüligi bilen tapawutlanýandygy beýan edilýär.
Okuw gollanmasynda türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata formasynyň nusgawy-romantik görnüşi, türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata formasynyň baýlaşdyrylmagyna esasy ymtylyşlar dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär.
Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasynyň ulanylyşyny ýüze çykarmaga bagyşlanylan bu gollanmada sonata dürli gurluş we perde-tonal görnüşlerinde beýan edilýär. Şeýle hem soňky (geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan soňky) döwre degişli eserlerde ulanylan sonata formasynyň nusgawy-romantiki däplerden daşlaşýandygy subut edilýär.
Okuw gollanmasyndan ýokary we ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, saz sungaty bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.
ORIENT news