Iň täze habarlar

Türkmen türgeni Astanada sambo boýunça dünýäniň çempiony boldy

09.11.2024 | 22:40 |
 Türkmen türgeni Astanada sambo boýunça dünýäniň çempiony boldy

9-njy noýabrda, Astanada geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekili Muminjan Arzikulow altyn medaly eýeledi. Türkmen türgeni bu üstünligini göreş sambo görnüşi boýunça 71 kg çenli agramlykda gazanmagy başardy.

Aýgytlaýjy göreşde Arzikulow rus türgeni Rolan Zinnatowy 5:0 hasabynda ýeňip, dünýä çempiony adyna mynasyp boldy.

Gazagystanyň paýtagtynda 8-10-njy noýabr aralygynda geçirilýän dünýä çempionaty 80 ýurduň 470-e golaý türgenini ýygnady.

“Altyna” barýan ýol: Arzikulow dünýä çempiony adyny nädip gazandy?

Muminjan Arzikulow üçin bu dünýä çempionaty hakyky synag boldy. Altyn medaly eýelemek ugrunda ol bäş ýeňişi gazanmagy başardy. Bu bolsa onuň göreş netijeleri:

1/16 finaly: Muminjan Arzikulow (Türkmenistan) – Andreý Kuçerenko (Ukraina) – 4:4 (goşmaça görkezijiler boýunça ýeňiş).

1/8 finaly: Muminjan Arzikulow (Türkmenistan) – Şerbek Hujamkulow (Özbegistan) – 11:1.

1/4 finaly: Muminjan Arzikulow (Türkmenistan) – Stefan Župariç (Serbiýa) – 5:1.

1/2 finaly: Muminjan Arzikulow (Türkmenistan) – Kurmanbek Uulu Zamirbek (Gyrgyzystan) – 3:1.

Final: Muminjan Arzikulow (Türkmenistan) – Rolan Zinnatow (FIAS-1) – 5:0.

Ýaryş dowam edýär.

ORIENT news

Foto: FIAS

Şeýle hem okaň: