Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeňil senagaty we nebit-himiýa önümleri satyn alyndy

09.11.2024 | 09:05 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeňil senagaty we nebit-himiýa önümleri satyn alyndy

8-nji noýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty we nebit-himiýa önümleri satyn alyndy.

Türkiýäniň telekeçileri “TPP D 30 S” markaly polipropileni satyn almak barada “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri reňklenen we ýumşak önümlerini satyn almak üçin tükmen telekeçileri bilen geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiden ýoduň 5 % spirt erginini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 1 189 200 manada we 281 874,80 amerikan dollara barabar bolan 4 sany geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen hyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: