Abu-Dabide forum: maýa goýum mümkinçilikleri barada maslahatlaşmak we işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin meýdança
07.11.2024 | 21:10 |Abu-Dabide “Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Bütindünýä forumy” geçirilýär. Oňa hökümet edaralarynyň we işewürligiň wekilleri gatnaşýar.
Forum esasy işi ösüp barýan bazarlarda durnukly ykdysady ösüşine gönükdirilen Nielsonsmith kompaniýasy Nielsonsmith kompaniýasy bilen bilelikde guralan.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, ýurduň nebit, gaz, energetika pudaklaryndaky kuwwatlygy – gatnaşyjylaryň üns merkezindedir.
Şeýle-de bilermenler Türkmenistanyň maliýe, bank işi we ätiýaçlandyrma ugurlaryndaky mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çykyş edenler ykydsadyýeti ösdürmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaýyn çäreleriň netijesinde ýurduň ykdysady görkezijileriniň we maliýe ýagdaýynyň durnuklylygynyň ýokarlanýandygyny, maýa goýum we işewür şertleriň gowulanýandygyny bellediler.
Ýangyç-energetika toplumynyň pudaklary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy we düzüm emele getirji pudagy hasaplanylyp, bu babatda energiýa göterijileriniň gözleg, gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport işi boýunça giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Ýangyç-energetika pudagy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi dowam etdirilýär, bu bolsa zähmet bölünişiginiň halkara ulgamyna goşulyşmagyna we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
Energiýa netijeliligine we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek – Türkmenistanyň senagat syýasatynyň orta möhletleýin geljekdäki esasy ugurlarydyr.
ORIENT news