Iň täze habarlar

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar

07.11.2024 | 09:55 |
 Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar. Bu barada Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň Bişkekde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XI Sammitiniň mejlisindäki çykyşynyň dowamynda belli boldy.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň belleýşi ýaly, respublika TDG-niň çäklerinde sanly integrasiýa işini çaltlaşdyrmaga çalyşýar.

Onuň aýtmagyna görä, Gyrgyzystan elektron söwdanyň, ulag we logistik amallarynyň ýeňilleşdirilmegine, şeýle hem sanly standartlaryň we şahadatnamalaryň bilelikdäki ykrar edilmegine gyzyklanma bildirýär. Şeýle-de Guramanyň beýleki gatnaşyjy-ýurtlary bilen bilelikde respublika elektron gollaryň bilelikdäki ykrar etmek gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen resminalary işläp taýýarlaýar.

“Gyrgyzystanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde sanly tehnologiýalar ulgamynda, esasan hem, döwlet hyzmatlary we emeli aň boýunça bilelikdäki barlaglara goldaw beriler” – diýip, Sadyr Žaparow belledi.

6-njy noýabrda Bişkekde “Türki dünýäsini güýçlendirmek: Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş, sanly geljek we hemmeler üçin howpsuzlyk” atly mowzuk bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky XI Sammiti geçirilýär. Sammitiň işine Guramanyň bäş sany gatnaşyjy-ýurtlaryň – Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlary, şeýle hem TDG-niň synçy-ýurtlaryň – Türkmenistanyň we Wengriýanyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Türki Döwletleriň Guramasynyň mejlisiniň netijeleri boýunça Türki dünýäsiniň Hartiýasynyň kabul edilmegi baradaky Karara we ýene-de 7 sany resminama gol çekildi. Gyrgyzystan Gazagystandan başlyklygy kabul etdi.

ORIENT news

Foto: blogtravel.by

Şeýle hem okaň: