Iň täze habarlar

Belarusda Emeli aň instituty dörediler

10.10.2024 | 16:08 |
 Belarusda Emeli aň instituty dörediler

Belarusda Emeli aň institutyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Respublikanyň standartlaşdyrma boýunça döwlet komitetiniň Tehniki kadalaşdyryş we standartlaşdyrma müdirliginiň başlygy Oksana Grişkewiç Standartlaşdyrma gününe bagyşlanan metbugat maslahatynyň dowamynda habar berdi diýip, “BELTA” belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, 2040-njy ýyla çenli ýurdy durnukly ösdürmegiň Milli strategiýasynda emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda respublikanyň dürli ugurlar: saglygy goraýyş, bilim, senagat, energetika, ulag, oba hojalygy, syýahatçylyk, ýaşaýyş-jemagat hojalygy, söwda, medeniýet hem-de maliýe bazary pudaklary boýunça ösdürilmegi göz öňünde tutulan.

Bu pudaklar emeli aňy ornaşdyrmagyň standartlaşdyrmalaryna degişlidir. Belarusda eýýäm 2024-nji ýylda 12 sany milli standatrlar girizilen.

“Emeli aň boýunça standartlaşdyrmany ösdürmek üçin biz, gürrüňsiz, halkara standartlaryny ulanyp, öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrarys. Olar tehnologiýalaryň we pudaklaryň ösmegi üçin berk esas döreder” – diýip, emeli aň boýunça standartlary işläp taýýarlamak üçin bilermenler meýdançasy hökmünde standartlaşdyrma boýunça TK BY 38 “Sanly özgeriş” milli tehniki komiteti kesgitlemegi meýilleşdirilýändigi barada Oksana Grişkewiç belledi.

ORIENT news

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: