Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygy kiçi futbol ýaryşyny gurady

14.09.2024 | 22:30 |
 Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygy kiçi futbol ýaryşyny gurady

13-14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) gurnamygynda «Газпром добыча Астрахань» medeni-sport merkezinde Magtymguly Pyragynyň Doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sportuň kiçi- futboly görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige Astrahan we Stawropol sebitlerindäki hemişelik ýaşaýan Türkmenleriň toparlary hem-de Astrahan şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan Türkmenistanyň raýatlaryndan ybarat talyp ýaşlaryndan ybarat topar gatnaşdylar.

14092024-turkmenskoe-konsulstvo-v-astrahani (2).jpg

Sport ýaryşynyň başynda Konsul G.Ilamanow öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň türkmenleriň milli medeniýetiniň kemala gelmeginde aýratyn orny we onuň gowy goňşuçylyk, agzybirlik, maşgala gymmatlyklarynyň beýikligi we ýetip bolmajaklygy, ruhy aň-bilim şygryýetiniň şu we beýleki köp taraplary geljekki türkmen şahyrana mekdebiniň esasyny düzendigi barada belläp geçdi.

Bu sport ýaryşyny guramagyň we geçirmegiň esasy maksady, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe we sporty ösdürmekdir.

14092024-turkmenskoe-konsulstvo-v-astrahani (1).jpg

Dostlukly ýagdaýda geçirilen ýaryşyň netijelerinden soň ýeňiji bolan toparlara kubok we medallar gowşuryldy. Esasy oýun görgezen oýunçylar «Iň gowy oýunçy», «Iň gowy hüjümçi», «Iň gowy derwezeban» diýen atlar bilen sylaglandy.

ORIENT news

Foto: astrakhan.tmconsulate.gov.tm

Şeýle hem okaň: