Iň täze habarlar

Aşgabatdaky ÝHHG-niň merkezi penitensiar ulgamyndaky özgertmeler boýunça seminar geçirdi

12.09.2024 | 17:05 |
 Aşgabatdaky ÝHHG-niň merkezi penitensiar ulgamyndaky özgertmeler boýunça seminar geçirdi

10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabtda ÝHHG-niň merkezi tarapyndan gurnalan seminarda tussaglygyň alternatiw çözgüdi hökmünde azatlykdan mahrum etmän jezalarynyň girizilmegi hem-de dikeldiş we şertleýin-möhletinden öň boşatmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seminar oňa gatnaşyjylary Nelson Mandelanyň düzgünleri diýlip tanalýan BMG-niň tussaglara seretmegiň minimal standart düzgünleri bilen hem-de tussaglara seretmegiň standartlary we düzgünleri hem-de tussag etmegiň alternatiw çözgütleri bilen tanyşdyryldy.

“Merkez bu seminary “Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasynyň: düzgünleine laýyklykda penitensiar ulgamyna halkara-hukuk kadalarynyň amaly taýdan ornaşdyrylmagyna hemaýat etmegiň çäklerinde gurnady” - diýip, Aşgabatda ÝHHG-niň merkeziniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Rune Kastberg belledi.

Germaniýanyň, Gazagystanyň, Niderlandlaryň halkara bilermenleri öz ýurtlarynda probasiýa gullugynyň iş tejribesi bilen paýlaşyp, penitensiar edaralarynda işgärleri taýýarlamak we hünäri ýokarlandyrmak ulgamy bilen tanyşdyrdylar. Penitensiar edaralarynda zorluk ekstremizm ideologiýasyna garşy göreşmek boýunça okuw maskatnamalaryna hem-de psihologlary taýýarlamak we durmuş barlaglaryny geçirmek işlerine aýratyn üns çekdiler.

Gyrgyzystnadaky BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýat işlerine garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň Maksatnamalaýyn edarasynyň wekili probasiýa boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada aýratyn belläp, şu ýylyň tomsunda Bişkekde geçirilen probasiýa boýunça Halkara maslahatynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy.

Şeýle-de seminarda kazyýet işlerine gözegçilik etmek we adalatly kazyýet garamaklyga bolan hukuklaryny berjaý etmek meseleleri hem-de prokurorlar, aklawçylar, kazylar we penitensiar we probasiýa gulluklarynyň ýolbaşçylary arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki günlük bu çärä hukuk goraýjy, kanun çykaryjy hem-de kazyýet organlarynyň wekilleri, Ombudsmen Apparatynyň we beýleki degişli edaralarynyň we minsitrlikleriniň wekilleri gatnaşdy.

ORIENT news

Foto: OSCE

Şeýle hem okaň: