Iň täze habarlar

Türkmen türgenleri Astanada geçiriljek V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşmaga taýýar

08.09.2024 | 04:20 |
 Türkmen türgenleri Astanada geçiriljek V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşmaga taýýar

35 adamdan ybarat türkmen wekiliýeti 8-nji sentýbarda Astanada başlajak V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar. Wekiliýetiň düzüminde - 29 türgen we 6 tälimçi bar diýip, Türkmenistanyň Sport we bedenterbiýe baradaky Döwlet komiteti habar berýär.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary Astanada bir hepdeläp dowam eder. Oňa 89 ýurtdan 2500-den gowrak türgenler gatnaşar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýewiň gatnaşmagyndaky Oýunlaryň açylyş dabarasy “Astana Arena” stadionunda ýekşenbe güni sagat 19:00-da başlar.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen. Bu giň göwrümli çäre diňe bir sport ýaryşy bolman, eýsem çarwa halklarynyň medeniýetine aralaşmagyny aňladýar. Bu sport ýaryşy 80-den gowrak ýurdy birleşdirýär. Oýunlar 21 sany etnik ýaryşlardan ybarat bolup, sport görnüşli ýaryşlar bilen deň derejede aň-bilim bäsleşikleri hem geçiriler.

Oýunlaryň ylmy maksatnamasynyň çäreleri Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde geçiriler. Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň medeni maksatnamasynyň esasy geçiriljek ýeri 10 ga meýdany tutýan “Çarwadarlaryň älemi” atly etniki obasy bolar. Şeýle-de medeni maksatnamasynyň käbir çäreleri Astananyň dürli meýdançalarynda geçiriler (meýdançalar, seýilgähler, seýilbaglar, beýleki jemgyýetçilik ýerler, teatrlar, konsert merkezleri, kinoteatrlar, muzeýler, sergi zallary we beýlekiler).

Foto: astanatv.kz

Şeýle hem okaň: