Iň täze habarlar

Brýusselde Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

07.09.2024 | 07:30 |
 Brýusselde Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Ýewropa Bileleşiginiň paýtagty Brýusselde Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Çäre sebitara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň ara alyp maslahatlaşmagynda hem-de bu sebitleriň arasyndaky ykdysady we syýasy gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm meýdança boldy.

AADHG-niň liderleriniň sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Sammitde ykdysady hyzmatdaşlygynyň, esasan hem, söwda, maýa goýum we ulag-logistika ulgamynyň ösüşiniň wajyplygy barada aýratyn bellenildi. Gatnaşyjylar ýetilen ylalaşyklar we öňe sürülen formatlar iri infrastruktura we energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açyp berýändigini bellediler.

Duşuşykda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de geçiriljek Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi, AADHG – Ýewropa Bileleşigi sammitlerine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşiginiň edaralary bilen hyzmatdaşlykda tejribe alyşdylar hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen sebitara gatnaşyklarynyň oňaýly ösüş depginini bellediler.

55336ef9-e50e-45d7-b8fb-7c4f3c9047ef.JPG

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow öz çykyşynda Türkmenistanyň Aýlagyň döwletlerine durnukly maýadarlar we ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde garaýandygyny belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra AADHG-niň ýurtlarynyň kompaniýalary Türkmenistanyň ösüşinde esasy orun tutandyklary we bu hyzmatdaşlygyň häzirki wagta çenli oňat netijeleri berýändigi barada aýratyn belledi. Sebitiň oňaýly geografiki ýerleşişini nazara almak bilen nebit we gaz pudagynyň, ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmen tarapy sebitara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk insitutlaşdyrylmagyny teklip etdi. Daşkentde geçirilen ministrler derejesindäki duşuşygyň çäklerinde türkmen wekiliýeti daşary işler ministrleriniň yzygider duşuşyklaryny, şeýle-de söwda maslahatlarynyň, işewür duşuşyklarynyň we sergileriň geçirilmegini öz içine alýan hyzmatdaşlygyň hemişelik gurlaryny döretmek boýunça başlangyjy öňe sürdi.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagyň arap döwletleriniň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmegi teklip edildi. Türkmen ilçisi sungat ugrundan we akademiki hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etjek medeni dialogy döretmek boýunça başlangyjy öňe sürdi.

870e5f2b-6bb7-4d21-8993-c77d11b66473.JPG

Ilçiler duşuşygyň pikir we tejribe alyşmakda möhüm meýdança bolandygyny belläp, bu dialogyň sebit üçin bähbitli anyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine getirjekdigine ynam bildirdiler. Ykdysady gatnaşyklarynyň we infrastruktura taslamalarynyň ösdürilmegi babatda bilelikdäki tagallalar AADHG-niň we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna oňäýly täsirini ýetirer.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dialogyň dowam etdirilmegine we hyzmatadşlygyň pugtalandyrylmagyna öz ygrarlylygyny tassykladylar.

Munuň ýaly formatlaryň görnüşi Belgiýadaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri üçin däbe öwrüldi. Şeýle duşuşyklar ozal Karib basseýn sebiti we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň arasynda geçirildi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: