Aşgabat we Kabul Owganystanyň çäginde TOPH taslamasy boýunça işlere görülýän taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar
10.08.2024 | 05:20 |Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady meseleler boýunça premýer-ministriň orunbasary Abdul Gani Baradar bilen geçirilen onlaýn duşuşygynyň dowamynda syýasy we ykdsady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Owganystanyň çäginde TOPH taslamasy boýunça işlerini başlamaga taýýardygyny habar berdi.
TOLOnews habarlar saýtynyň habar bermegine görä, Ykdysady meseleler boýunça premýer-ministriň orunbasarynyň diwanynyň habarlaryna laýyklykda, duşuşykda wideomaslahat aragatnaşygy arkaly iki ýurduň arasyndaky ykdysady, üstaşyr, söwda we syýasy hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarlarda Abdul Gani Baradar amatly wagtda Türkmenistana gelmek boýunça çakylyk alandygy barada bellenilip geçilýär. Duşuşykda Abdul Gani Baradar Yslam Emiraty ykdysadyýete gönükdrilien daşary syýasata üns berip, ilki bilen, sebit aragatnaşyklary ösdürmek bilen bu maksada ýetmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň zerurlygyny nygtap geçdi.
Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Abdul Latif Nazari TOLOnews saýtyna bu geçirilen wirtual duşuşyk barada gürrüň berdi:
“Ykdysady meseleler boýunça premýer-ministriň orunbasary Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen demir ýollaryny giňeltmek, energetika we TOPH taslamasyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky ydysady, söwda we üstaşyr hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy baradaky netijä gelindi”.
ORIENT news