Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň "Deňiz söwda floty" ýük daşalşynyň möçberini artdyrýar

06.08.2024|22:15|
2200
turkmenistanyn-deniz-sowda-floty-yuk-dasalsynyn-mocberini-artdyryar
Surat çeşmesi: orient.tm

2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz gämilerinde 1 400 000 tonna ýüküň, 3 345 konteýnerleriň, 10 546 awtoulaglaryň daşalşyny amala aşyryp, görkezijilerini geçen ýylkydan ýokarlandyrdy. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berilýär. Diagrammanyň görkezijilerine laýyklykda, 100 müň tonna artyk ýük daşaldy.

imgonline-com-ua-2to1-ipcd6g5TcwVd.jpg

Şeýle-de bu paýdarlar jemgyýeti şu hepde Türkmenbaşy-Aktau-Türkmenbaşy ugry boýunça “Balkan” gury ýük daşaýan gämi arkaly ýük daşalşynyň amala aşyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini öz müşderilerine habar berdi. Gatnawyň takmynan senesi: 7-8-nji awgust bolar. Gäminiň ýük göterijilik ukyby 2000 tonna (ýa-da 40-futlyk konteýnerler (FEU) – 76 sany, 20-futlyk konteýnerler (TEU) -176 sany) barabardygy bellenilýär.

Mundan başga-da “Balkan” gury ýük daşaýan gämi arkaly Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli halkara ýük daşalşy hem amala aşyrylýar.

></p>
<p>“Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetiň öz içine 3000 tonna/44 konteýner ýeleşdirýän gury ýük daşaýan gamileri, nebit gämileri – 6000 tonna, awtoulag we ýolagçy paromlary – 54 ýük daşaýan awtoulaglary bolup, Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça daşary ýurt gämileriniň ýangyç bilen doldurmak we ýük daşalyş hyzmatlaryny hödürleýär. </p>
<p ><em><strong>ORIENT news</strong></em></p></article></section><!--/$--><!--$--><!--/$--><!--/$--></main><!--$?--><template id=