Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Ýaponiýa-Bütindünýä gümrük guramasy Käri ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli tamamlady

22.07.2024 | 09:43 |
 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Ýaponiýa-Bütindünýä gümrük guramasy Käri ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli tamamlady

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Kerim Ahmedow Ýaponiýa-Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) 10 aýlyk Käri ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli tamamlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan bu Maksatnama ilkinji gezek gatnaşdy.

2023-nji ýylyň senýabrynda başlan 2023-2024-nji ýyllar üçin Käri ösdürmek maksatnamasynyň çäginde on aýyň dowamynda Kerim Ahmedow BGG-nyň Sekretariatynyň Mümkinçilikleri ösdürmek bölüminde işläp, gümrük işi boýunça ylmy barlag işini ýerine ýetirdi we onuň netijesini BGG-nyň ýolbaşçylarynyň dykgatyna ýetirdi. Maksatnamanyň tamamlanmagy mynasybetli BGG-nyň Baş sekretary Ýan Sonders türkmen wekiline güwänamany gowşurdy.

Käri ösdürmek maksatnamasyna Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan 2009-njy ýylda badalga berildi. Bu Maksatnama Ýaponiýanyň Gümrük gullugy bilen bilelikde amala aşyrylýar we onuň çäginde ýylda 10 sany dalaşgär Bütindünýä gümrük guramasynyň Sekretariatynda işlemäge hem-de gümrük işi babatynda bilimini artdyrmaga we bu ugurda halkara tejribesini gazanmaga mümkinçilik alýar.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: