Iň täze habarlar

24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler

21.07.2024 | 03:35 |
 24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi  geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda, Maslahat köşgünde köşgünde geçiriler. Bu Karar şenbe güni, 20-nji iýulda Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan berildi.

Resminamada, halkyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýokary derejeli mejlisini ýokary derjede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň döredilmegini we 1-nji sentýabra çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny tabşyrmagy görkezilendir.

Mejlise taýýarlyk görmek we ony geçirmek işleri Halk Maslahatynyň Diwany bilen Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bilelikde utgaşdyrylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen bu Karar TDH-nyň web sahypasynda çap edildi.

Foto: maslahat.gov.tm

Şeýle hem okaň: