Iň täze habarlar

Özbegistanda sebitdäki iň uly logistika merkezi açylar

19.07.2024 | 09:58 |
 Özbegistanda sebitdäki iň uly logistika merkezi açylar

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Samarkant welaýatynda A synpynyň iň uly multimodal ulag we logistika merkezi bolan “Logopark Samarkant” açylar. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar gullugy habar berýär.

Logopark Samarkandyň halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşip, elektron söwda ýörüteleşen bolup, harytlary lomaý satmak ýa-da satyn almak üçin, önümçilik we logistika bilen meşgullanýan öňdebaryjy halkara we ýerli kompaniýalaryň önümlerini ýerleşdirmek üçin niýetlenendir.

Toplumyň gurluşygy “Marakand Logair” kompaniýasy tarapyndan şu ýylyň fewral aýynda başlandy. Bu toplum dürli temperaturada saklaýyş şertleri bolan jaýlary öz içine alýar, şeýle hem köp sanly kömekçi serwizleri we hyzmatlary hödürleýär. Eýýäm ammarlary gurmak we kärendesine bermek üçin şertnamalary baglanyşmak işi başlandy.

Meýdany 40 müň inedördül metrden gowrak bolan häzirki zaman logistika parky ýükleri daşamagyň ýoluny we wagtyny ep-esli gysgaldyp, şeýle hem ýükleri daşamagyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrar diýlip garaşylýar.

ORIENT news

Foto: yuz.uz

Şeýle hem okaň: