TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda «Türkmennebit» DK önümlerine ýokary isleg bildirildi
13.07.2024 | 08:50 |12-nji iýunda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda «Türkmennebit» Döwlet Konseriniň önümleri satyldy.
Türkmenistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» Döwlet Konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, we «Türkmenaglomerat» kondisiýa däl polipropilen önümi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 3 200 000,00 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz .
ORIENT news