Iň täze habarlar

Katardaky türkmen ilçisiniň makalasy çap edildi

10.07.2024 | 09:37 |
 Katardaky türkmen ilçisiniň makalasy çap edildi

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň «Al Sharq» gazetinde türkmen halysyna bagyşlanan makalasy çap edildi.

Öz makalasynda diplomat halkynyň türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjydygyny belleýär. Türkmen halysynyň göllerinde halkymyzyň medeniýeti we taryhy öz beýanyny tapýar.

Türkmen halysy özüniň nepisligi bilen dünýäde hemişe meşhur bolupdyr. “Altyn asyr” halynyň dünýäde elde dokalan iň uly haly hökmünde ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. 2001-nji ýylda dokalan bu halynyň meýdany 301 inedördül metre, agramy bolsa 1200 kilograma deňdir.

Türkmen halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi onuň sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Ilçiniň belleýşi ýaly, türkmen halysynyň gadymy nusgalary Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Müsüriň muzeýlerinde saklanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň halkyny dünýä meşhur türkmen halysy bilen tanyşdyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

ORIENT news

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: