Iň täze habarlar

5-nji iýun – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

06.06.2024 | 16:58 |
 5-nji iýun – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda döredildi we jemgyýete daşky gurşawyň ýagdaýy barada habar bermek üçin iň iri ählumumy platformalaryň birine öwrüldi.

Onlarça million adam bütin dünýäde geçirilýän onlaýn we gönüden-göni gatnaşylýan çärelere, dabaralara we aksiýalara gatnaşýar.

Bu ýyl Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli habar beriş çäresi ýerleri dikeltmek, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreş meselelerine bagyşlandy hem-de «Biziň topragymyz. Geljegimiz. Biz #DikeldijiNesil» şygary astynda geçirildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi bellemek üçin halkara derejeli çäreler Saud Arabystany Patyşalygynda geçiriler.

1973-nji ýyldan bäri her ýylda geçirilýän bu baýram Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologik maksatlaryna ýetmekde öňe gidişligi ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu baýramçylyga her ýyl 150-den gowrak ýurt gatnaşýar. Iri korporasiýalar, hökümete dahylsyz guramalar, jemgyýetler, hökümetler we dünýäniň meşhur şahsyýetleri Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi ekologiýany goramak üçin ulanýarlar.

2024-nji ýylda BMG-niň Çölleşmä garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Ol döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek we gurakçylygyň täsirini azaltmak ugrundaky halkara, sebit, milli we ýerli derejedäki tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň taraplarynyň Maslahatynyň 16-njy mejlisi 2024-nji ýylyň 2 – 13-nji dekabry aralygynda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriler.

ORIENT news

Foto: yarecologia.ru

Şeýle hem okaň: