Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi

19.04.2024 | 14:28 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi

Penşenbe güni, 18-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa pudagynyň önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri «B» kysymly karbamidi satyn almak boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri düz (float) aýna satyn almak boýunça Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 2 696 644,63 manada we 4 000 000 dollara deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: