Tbiliside Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
18.04.2024 | 19:16 |2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.
Bu çärä Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen Ilçiler, Milli Ylymlar akademiýasynyň, Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň, Ýazyjylaryň döredijilik bileleşiginiň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Roin Metreweli, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň müdiri Zaza Abaşidze, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyň direktory Dawut Orazsähedow, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň professory Marika Jikia, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktory Rahym Hojamyradow, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor Badri Naçkebiýa, Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik bileleşiginiň başlygy Makwala Gonaşwili çykyş etdiler.
Ilçi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň bilelikde alyp barýan hem-de däbe öwrülen medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky gatnaşyklary, häzirkizaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Ol, bu gün dünýäde medeni gepleşikleriň ornunyň we ähmiýetiniň artýandygyny aýtdy. Bu bolsa ýurtlaryň arasynda ýola goýulan özara düşünişmäge uly itergi berýän intellektual platforma bolup çykyş edýär we bular ýaly çäreleriň geçirilmegi Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda medeni, ylym we bilim pudaklaryndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge uly goşant goşar diýip belledi.
Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweli Magtymguly Pyragynyň eserlerinde watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dostluga we doganlyga çagyryş ýaly ählumumy adamzadyň gymmatlyklary aýdyň öz beýany tapýandygyny belledi. Dünýäniň birnäçe halklarynyň dillerine terjime edilen beýik ynsanperwer şahyryň döredijiligi, dünýäniň dürli künjeklerinde adamlaryň ýüreginde ýaňlanýar we ýer şarynyň medeniýetiniň mirasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşyrow Magtymgulynyň şahyrana mirasy türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly, aýdyň we özboluşly goşant goşandygyny aýtdy. Bu diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolman, eýsem doly hukukly dünýäniň ähli halklarynyň çeper mirasynyny düzýär.
Çykyş edenler, Magtymguly dünýä möçberindäki şahsyýet bolmak bilen, mundan ýüzlerçe ýyl ozal bolşy ýaly, bu gün hem dünýä halklaryny ýokary şahyrana ruhybelentlik bilen birikdirýän, ählumumy ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýan birleşdiriji güýç hökmünde hereket edýändigini bellediler.
Maslahatyň çäklerinde Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň foýesinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Magtymguly Pyragynyň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy, onuň baý medeniýeti we ruhy mirasy bilen tanyşdyrýan amaly haşam ýöriteleşdirilen sergisi gurnaldy.
Maslahat Magtymguly Pyragy baradaky filmiň görkezilişi bilen tamamlandy.
ORIENT news