«Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi
07.03.2024 | 11:01 |2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Magtymgulynyň hoşniýetli goňşuçylyk baradaky şygyrlaryna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi web-sahypasy habar berýär.
Bäsleşige ýurdumyzyň orta mekdeplerinden 516 okuwçy gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleri boýunça baş baýraga Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýgül Sähedowa 72.0 bal bilen, 1-nji orna Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurtäç Geldimyradowa 68.3 bal bilen, 2-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülzada Babahanowa 67.3 bal bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Maksat Myradow 67.0 bal bilen, 3-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Merjen Nuryýewa 65.7 bal bilen, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Zeýnep Geldiýewa 65.3 bal bilen, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Maksat Alymbaýew 64.7 bal bilen mynasyp boldular.
ORIENT news