Iň täze habarlar

CNPC: Hytaý 2024-nji ýylda tebigy gazyň importyny 8,2% artdyrar

02.03.2024 | 12:23 |
 CNPC: Hytaý 2024-nji ýylda tebigy gazyň importyny 8,2% artdyrar

Hytaý 2024-nji ýylda tebigy gazyň importyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 8,2 göterim artdyryp, 179,1 milliard kub metre ýetirer diýip, «Bloomberg» ýurduň iň iri energetika kompaniýasy bolan «China National Petroleum Corp» (CNPC) korporasiýasynyň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär.

Munuň özi suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasynyň arzanladylmagy esasynda gazanylar.

Suwuklandyrylan tebigy gazyň importynyň, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 8,1 göterim artyp, 106,4 milliard kub metre ýetmegine garaşylýar. Ýöne ýurduň içinde kömrüň bahasynyň arzanlamagy sebäpli bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, haýal depginde öser.

Daşary ýurtlardan getirilýän tebigy gazyň mukdaryny artdyrmagyň esasy çeşmesi uzak möhletli şertnamalar bolar. Şeýle hem Hytaý regazifikasiýa terminallarynyň kuwwatyny artdyrmagyny dowam etdirýär. «CNPC» kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şu ýyl bu görkeziji ýylda 50 million tonna ýeter.

Turbageçiriji arkaly gaz importynyň Russiýadan iberilmeginiň hasabyna, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 8,2 göterim artyp, 72,6 milliard kub metre ýetmegine garaşylýar. Geçen ýyl bu görkeziji, ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 6,6 göterim artypdy.

Hytaýda tebigy gaz önümçiliginiň möçberi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 4,5 göterip artyp, 245,8 milliard kub metre çenli ýokarlanar, ýurtda tebigy gaza bolan islegiň, geçen ýylky görkeziji bilen deňeşdirilende, 6,1göterim artyp, 415,7 milliard kub metre ýetmegine garaşylýar.

ORIENT news

Foto: profinance.ru

Şeýle hem okaň: