Iň täze habarlar

Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebi Astrahandaky uniwersitet bilen ylalaşyk baglaşdy

29.02.2024 | 09:49 |
 Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebi Astrahandaky uniwersitet bilen ylalaşyk baglaşdy

Aşgabat şäherinde ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi W.N.Tatişýewa adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýanyň Astrahan şäherindäki konsullyk edarasy habar berýär.

Ylalaşyga gol çekmek dabarasy rus ýokary okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäräniň dowamynda guraldy.

Soňky ýyllarda W.N.Tatişýewa adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň durmuşa geçirýän medeni-bilim, ynsanperwer taslamalary türkmenistanly wekilleri özüne çekýär. Türkmen talyp ýaşlary bu ýokary okuw mekdebinde geçirilýän ders olimpiadalaryna gatnaşmaga yzygiderli çagyrylýar.

ORIENT news

Foto: Redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: