Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: daşarky bazara ýeňil senagat önümleri ýerlenildi

23.02.2024 | 12:27 |
 TDHÇB-de söwdalar: daşarky bazara ýeňil senagat önümleri ýerlenildi

Penşenbe güni, 22-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzda öndürilýän ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalandy.

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügini, dokma önümçilik galyndysyny we arassalanan nah galyndylaryny satyn almak boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 899 628,56 dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: