Iň täze habarlar

Hose Luis Martines Ernandes Meksikanyň Türkmenistandaky Ilçisi wezipesine girişdi

19.02.2024 | 21:43 |
 Hose Luis Martines Ernandes Meksikanyň Türkmenistandaky Ilçisi wezipesine girişdi

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa duşenbe güni ABŞ-nyň Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martines Ernandesiň ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde üstünlik arzuw etdi.

Mejlisiň Başlygy ilçini türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraply işi bilen tanyşdyrdy. Taraplar halkara parlament gurluşlarynyň çäginde parlament gatnaşyklaryny güýçlendirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Hose Luis Martines Ernandes, iki ýurduň bähbidi üçin hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Bu barada Mejlisiň web sahypasyndaky habarda aýdylýar.

ORIENT news

Foto: mejlis.gov.tm

Şeýle hem okaň: