Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa kabul edýär
05.02.2024 | 11:45 |Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty 2024 – 2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär. Okuwa kabul ediş möwsümi 1-nji sentýabra çenli dowam edýär. Bu baradaky bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.
Okuwa harby gullugy geçen, orta bilimli ýa-da ýörite orta bilimli 26 ýaşdan geçmedik erkek raýatlar, şeýle hem 23 ýaşdan geçmedik zenanlar kabul edilýär.
Institutda 4 – hukuk, ýörite edaralar, ýangyn howpsuzlyk-tehniki we içerki goşun fakultetleri hereket edýär.
Okuwa resminamalary kabul etmek işi 1-nji iýuna çenli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Okuw merkezinde geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-45-17, 36-44-97.
ORIENT news